Tagamlaryň howa taýdan bitarap taýýarlanyş usullary bolan ilkinji aşpezlik kitaby çap edildi
05.01.2023 | 15:23 |Tagamlaryň howa taýdan bitarap taýýarlanyş usullary bolan «Adamlar we planetalar üçin» atly täze kitap çap edildi (For People and Planet). Neşir meşhur baş aşpezler Manal Al-Alem we Hose Andres tarapyndan bütin dünýäniň kulinarlary we fermerleri bilen bilelikde taýýarlandy.
Azyk ulgamlaryna, durnukly sarp etmä we önümçilige, howanyň üýtgemegine we azyk zyňyndylaryna bagyşlanmak bilen, bu kitap biziň haýsy azyk önümlerini saýlap almagymyzyň nä derejede wajypdygyny we onuň biziň daşky gurşawymyza nähili täsir edýändigini görkezýär.
Neşirde taýýarlamagyň görkezmeleri bilen birlikde 75 sany taýýarlanyş usuly bardyr, şeýle hem azygy sarp etmegiň ekologiýa edýän täsiri barada hekaýalar toplumy bar. Tagamlaryň taýýarlanyş usullarda BSG-nyň makronutriýentler baradaky maslahatlary göz öňünde tutulandyr, olar azygy diňe planeta üçin däl, eýsem adamlar üçin hem peýdaly edýär.
FAO-nyň maglumatlaryna görä, azyk ulgamlary howanyň üýtgemegi, ýerleriň zaýalanmagy we biodürlüligiň ýok bolmagy bilen bagly adatdan daşary howa hadysalaryna ýardam edýärler we olardan ejir çekýärler. Şu aşpezlik kitabyna meňzeş başlangyçlar olara jogap çärelerini goldamaga gönükdirilendir.
ORIENT habarlar
Surat: news.un.org