Iň täze habarlar

Howanyň çenden aşa maýlamagy sebäpli dünýäniň esasy dag-lyža şypahanasynda gar örtügi ereýär

05.01.2023 | 15:14 |
 Howanyň çenden aşa maýlamagy sebäpli  dünýäniň esasy dag-lyža şypahanasynda gar örtügi ereýär
 Howanyň çenden aşa maýlamagy sebäpli  dünýäniň esasy dag-lyža şypahanasynda gar örtügi ereýär

Şweýsariýadaky Alp daglarynyň eňňitlerinde dünýäde howanyň maýlamagy sebäpli emele gelen temperaturanyň derejesiniň ýokary galmagynyň netijesinde garlar ereýär. Öňler gar basýan dag gerişleri edil tomusdaky ýaly ýaşyl öwsüp dur – diýip, Şweýsariýanyň MeteoSuisse howa gullugy habar berýär.

Dag-lyža şypahanasynda garyň bolmazlygy – hem syýahatçylyk agentlikleri, hem Alp lyža ýodalaryny söýýänler üçin gynandyryjy habardyr.

Ýewropanyň köp ýerlerinde, şol sanda Şweýsariýada hem ýanwaryň başynda tomus günlerini ýada salýan maýyl howa bolýar, maýlamanyň temperaturasy +10 derejeden geçýär.

BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasy soňky sekiz ýylyň syn etmeleriň taryhynda iň maýyl ýyllar boljakdygyny beýan etdi. 2022-nji ýyldaky bütindünýä temperaturasy baradaky maglumatlar ýanwaryň ortalarynda çap edilmegine garaşylýar.

ORIENT habarlar
Surat: euronews.com

Şeýle hem okaň: