Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy energetika geçişi baradaky “Berlin dialogyna” çagyrýar
26.12.2022 | 17:35 |Energetika ugry boýunça ýöriteleşýän bütin dünýädäki ýaş žurnalistler 2023-nji ýylyň 28-29-njy martynda Germaniýanyň paýtagtynda geçjek global “Energetika geçişi baradaky Berlin dialogyna” (BETD23) gatnaşyp bilerler. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Bu möhüm çäräni metbugatda habar bermek üçin BETD Media Fellowship stipendiýasyny Federal daşary işler ministrligi, Germaniýanyň Halkara ösüş boýunça jemgyýeti GIZ we Germaniýanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň federasiýasy hödürleýär.
Bu žurnalistler üçin öňdebaryjy syýasatçylar, alymlar we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen energetika babatynda soňky ugurlary we innowasion çözgütleri, şeýle hem dünýä boýunça energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi tizleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Stipendiýanyň eýeleri şol bir wagtyň özünde global dialogyň çäklerinde geçirýän parallel çärelere – ylmy-tehniki gezelençlere, seminarlara, işewürlik duşuşyklaryna hem gatnaşyp bilerler.
Energetika geçişi babatynda Berlin dialogyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti - 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwary.
BETD 23 barada maglumatlaryň metbugatda beýan edilmegi uly ähmiýete eýedir, sebäbi halkara energetika geçişi baradaky hasabatlar we energiýanyň we energiýa netijeliligiň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçilikleri baradaky habardarlygy artdyrmak howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde örän möhümdir.
Berlin dialogy energetika pudagynyň wekilleri üçin öňdebaryjy halkara forumdyr, onuň barşynda köp ýurtlardan gelen wekiller arassa energetika howpsuz, tygşytly we ekologik taýdan jogapkärçilikli geçmek barada tejribe we pikir alşyp bilerler.
ORIENT habarlar
Surat: planetofhotels.com