Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşma ulgamynda pudagara özara gatnaşyklar ýola goýlar
23.12.2022 | 16:26 |Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmek babatda pudagara özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň dürli görnüşleri BMGÖM-nyň ýurtdaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen seminaryň dowamynda hödürlendi – diýip, gurama Instagramda habar berdi.
Ýeke-täk utgaşdyryjy mehanizm jogapkär pudaklaryň we kärhanalaryň ählisiniň arasynda ylalaşylan uýgunlaşma çäreleriniň işlenip düzülmegi arkaly howanyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmelidir.
Bellenip geçilişi ýaly, howanyň üýtgemegine uýgunlaşma, eger-de ol guramalaryň esasy işjeňligine – olaryň ekologiýa syýasatyna, meýilnamasyna, maksatnamasyna integrirlenen bolanda, has netijeli bolup geçer.
Çäre Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMGÖM-nyň bilelikde ýerine ýetirýän «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli prosesiniň ösdürilmegi» atly taslamanyň çäklerinde guraldy.
Türkmenistan howa töwekgelçiliklerini we uýgunlaşma çärelerini meýilleşdirmek we býujeti düzmek prosesine integrirlemek bilen, uýgunlaşmanyň milli prosesini işläp düzmek arkaly howanyň üýtgemegine bolan uýgunlaşma we durnuklylyk mümkinçiligini pugtalandyrmaga ymtylýar.
ORIENT habarlar
Surat: Instagaram.com / @undp_turkmenistan