Ylym Bilim

Çagalar emeli añdan akylly: ýaş gatnaşyjylar öňdebaryjy kompýuter görüş ulgamlaryndan ýokary netije görkezdi
05.07.2025
|14:05
|701
Täze barlaglar hatda üç ýaşly çagalaryň iň ösen kompýuter görüş ulgamlaryndan hem gowy wizual maglumaty gaýtadan işleýändigini görkezdi — bu bolsa has täsirli we tygşytly emeli añ algoritmlerini döretmegiň ýoluny açýar

Türkmenistanyň DIM-nde Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
05.07.2025
|12:07
|808
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan we Germaniýa «ýaşyl energetika» babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
04.07.2025
|14:30
|837
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Germaniýa iş saparyny amala aşyrdy. Sapar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024-2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi

AI Microsoft MAI-DxO: agyr ýagdaýlary anyklamakda artykmaçlyk
04.07.2025
|13:45
|633
Microsoft kompaniýasynyň täze emeli aň anyklaýyş guraly bolan MAI-DxO agyr lukmançylyk ýagdaýlary anyklamakda tejribeli lukmanlar topary bilen deňeşdirilende, has ýokary takyklygy görkezmegi başardy

Türkmen mugallymlary AELLCA halkara taslamasynyň çäklerinde hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar
03.07.2025
|14:15
|643
2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň on dört mugallymy iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýeti boýunça çaltlaşdyrylan onlaýn-okuwlaryny üstünlikli tamamladylar

Dyson fermerçiligiň geljegini gurýar: Angliýada ägirt uly ýertudana fermasy
02.07.2025
|13:20
|640
Özüniň inženerçilik çözgütleri bilen tanalýan Dyson kompaniýasy ýertudanany tutuş ýylyň dowamynda ösdürmek üçin niýetlenen giň gerimli ýokary tehnologiýa fermasyny gurup, dünýäni haýran etdi

Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek üçin Dilkent mobil goşundysy işläp başlady
02.07.2025
|12:30
|727
Dilkent iňlis dilini hem başyndan öwrenmek isleýänler üçin, hem-de eýýäm iňlis dilinden bilimleri bar bolan ulanyjylar üçin niýetlenendir. Sapaklar iň ýokary Advanced C1-C2 derejesine çenli ýetmäge mümkinçilik berýär.

Technovation Girls halkara maksatnamasynyň Türkmenistanyň ilçisi GALA 2025 halkara baýragyna mynasyp boldy
30.06.2025
|19:30
|704
Türkmenistanyň adyndan Technovation Girls halkara maksatnamasynyň ilçisi Saparguly Mahtumow 2025-nji ýylyň Bütindünýä Ilçi öñdebaryjylygyñ baýragyna (Global Ambassador Leadership Award - GALA) mynasyp boldy. Ol bu abraýly baýragy alan ilkinji erkek ilçisi boldy.

Hypergrid: Tehas dünýä energetika we emeli aň maglumatlary merkezini döredýär
29.06.2025
|18:58
|514
Tehas ştatynda dünýäniñ iň iri energetika we sanly maglumatlary işläp taýýarlamak merkezi — Hypergrid taslamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär

Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde baýramçylyk çäresi
29.06.2025
|17:40
|819
26-njy iýunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Arkadag şäheriniň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi