Technovation Girls halkara maksatnamasynyň Türkmenistanyň ilçisi GALA 2025 halkara baýragyna mynasyp boldy
30.06.2025 | 19:30 |Türkmenistanyň adyndan Technovation Girls halkara maksatnamasynyň ilçisi Saparguly Mahtumow 2025-nji ýylyň Bütindünýä Ilçi öñdebaryjylygyñ baýragyna (Global Ambassador Leadership Award - GALA) mynasyp boldy. Ol bu abraýly baýragy alan ilkinji erkek ilçisi boldy.
GALA 2025 baýragynyň gowşurylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçirilip, dünýäniň 117 ýurdunyň ilçilerini bir ýere jemledi. Bu baýrak her ýyl ýolbaşçylyk ugrundaky aýratyn üstünlikleri, jemgyýeti pugtalandyrmak we maksatnamany ilerletmek ugrunda edýän tagallalary bilen tapawutlanýan diňe dört ilçä gowşurylýar. Bu möwsümde Saparguly Mahtumow bilen bir hatarda baýrak eýeleri Ispaniýadan, Nigeriýadan we Gyrgyzystandan bolan ilçiler boldy.
Kaliforniýadaky Technovation maksatnamasynyň ştab-kwartirasynyñ ugrukdyryjysy Megan Blegiň bellemegine görä, Saparguly Mahtumow “Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň çäginde ajaýyp Ilçiler topary bilen işjeň işleşdi” diýip, onuñ goşan goşandy aýratyn belläp geçdi. Aşgabatda Klubyň ilçisi hökmünde ýerine ýetirýän wezipelerinden başga-da, ol ýurduň çägindäki toparlara tehniki goldaw bermek bilen birlikde, Türkmenistanyň çägindäki Klub ilçileriniň işini utgaşdyrdy.
Halkara Technovation Girls maksatnamasy Türkmenistanda dört ýyldan bäri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu dünýä nusgalyk başlangyç ýaş gyzlaryň STEM (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika) ugurlary boýunça mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de jemgyýetçilik telekeçiligini ösdürmek maksadyny öz içine alýar.
Dünýäde gyzlaryň arasynda geçirilýän iň iri tehnologiýa bäsleşiginiň çäginde gatnaşyjylar (5-e çenli adamdan ybarat) toparlara birleşip, ýerli we halkara derejesindäki möhüm durmuş meselelerini çözmek maksady bilen ykjam goşundylary taýýarlaýarlar.
Her möwsümiň ahyrynda jemleýji tapgyra çykan toparlara Kaliforniýada geçirilýän Technovation Bütindünýä Sammitinde Google, Meta, Amazon ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde öz prototiplerini görkezmäge mümkinçilik döredilýär.
ORIENT