Ylym Bilim

Türkmenistan we Hytaýyñ Gansu welaýaty bilim babatda hyzmatdaşlyk ýollaryny kesgitlediler
25.02.2025
|13:30
|386
2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.

Täjik mekdep okuwçylary emeli aň tehnologiýasyny öwrenýärler
24.02.2025
|20:45
|656
Täjikistan, ýaş nesli sanly döwrüň çäksiz mümkinçiliklerine taýynlamak maksady bilen, emeli aň (EA) tehnologiýasyny bilim prosesine ornaşdyrmak üçin ädimler ädýär. EA derslerini mekdep okuw maksatnamasyna goşmak boýunça, başlangyçda ýurduň bäş mekdebini öz içine alýan bu taslama, 2025-nji ýylyň ýanwarynda, ýene bäş okuw jaýy bilen giňeldi. Olaryň her birisinde ortaça 15–20 okuwçy iň täze tehnologiýalary öwrenýär

Türkmen ýaşlary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilen ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi-bäsleşigine gatnaşdylar
24.02.2025
|10:54
|322
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Aýmyrat Halnazarow Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilen ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi bäsleşigine (YISF) özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşdylar.

Türkmenistan Koreýada geçirilen halkara bilim maslahatyna gatnaşdy
21.02.2025
|11:00
|576
Döwletmämmet Azady adyndaky Tükmen milli dünýä dilleri institutynyñ ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Koreýa Respublikasynyñ Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda “Bilelikdäki geljek: global zehin we ýerli jemgyýet” atly halkara bilim maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistan we Pakistan ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar
20.02.2025
|12:35
|367
Iki ýurduň arasynda ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Pakistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Waganyň geçiren duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ýokary bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek barada maslahatlaşdylar
19.02.2025
|12:15
|481
Aşgabatda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekilleriniñ Nottingem Trent uniwersitetiniñ (Beýik Britaniýa) wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi
18.02.2025
|12:00
|753
Türkmenistandaky Koreýa Respublikasynyñ ilçihanasy 2025-nji ýyl üçin Döwlet talyp hakly magistrlik maksatnamasyna arzalaryñ kabul edilip başlandygyny habar berýär. Seçip alma Koreýa Respublikasynyñ Bilim ministrliginiñ ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmen döwlet maliýe instituty bitaraplyk meseleleri boýunça onlaýn-olimpiadasyny geçirer
17.02.2025
|10:05
|236
Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.

Türkiye Bursları türkmenistanlylara Türkiýede mugt bilim almaga mümkinçilik berýär
14.02.2025
|16:45
|911
Türkiýe türkmenistanly talyplar üçin iñ meşhur ugurlarynyñ biri bolmagynda galýar. 2023-2024-nji okuw ýyllarynda Türkmenistanyñ 29 000 gowrak raýatlary türk bilim edaralarynda bilim aldylar. Munuñ özi iki ýurduñ arasynda bilim alyş-çalyşygyñ ýokary derejesini subut edýär.

Türkmen talyby "GDA-nyñ iñ gowy talyby" boldy
14.02.2025
|12:10
|531
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 4-nji ýyl talyby Hallyniýaz Babaýew 2025-nji ýylyñ Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyñ talyplaryñ arasyndaky "GDA-nyñ iñ gowy talyby" halkara bäsleşiginiñ birinji derejeli diplomyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.