Iň täze habarlar

Balkan welaýatynda ýod we brom önümçiligi boýunça täze zawod gurlar

26.08.2025 | 11:42 |
 Balkan welaýatynda ýod we brom önümçiligi boýunça täze zawod gurlar

Türkmenistanda “Balkanabat” ýod zawodynyň Nebitdag-Monjukly känindäki çig mal bazanyň durkuny täzelemek bilen, ýod, brom, we brom önümlerini öndürýän zawodynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

"Türkmenhimiýa” Döwlet konserni kärhananyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara tender yglan etdi.

Isleg bildirýän kompaniýalar doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyryp bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Salgy: Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132.

Tel.belgileri.: (99312) 39-01-62, 39-01-58

Faks: 39-01-72

E-mail: contact@turkmenhimiya.gov.tm; 12dep@turkmenhimiya.gov.tm

ORIENT

Foto: balkantm

Şeýle hem okaň: