Medeniýet

"Magtymguly Pyragy" filmi Nýu-Ýorkda görkezildi
23.01.2025
|16:04
|383
Ýakynda Nýu-Ýorkdaky medeni çäreleriň mahabatlaryny ýerleşdirýän birnäçe saýtda "Magtymguly Pyragy" atly filmi görkeziljekdigi barada maglumat peýda boldy. Bu görkeziliş, Manhettende ýerleşýän 36 gatly Türkewi Türk Öýüniň binasynda geçiriler. Bildirişler ähli sungat we kino muşdaklaryny, 21-nji ýanwarda geçiriljek medeni agşama çagyrdy. Bu agşamda, "Gorkut Ata" Halkara kino festiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolan hem-de Özbegistan bilen Türkmenistanyň kinematografistleriniň bilelikdäki işi bolan "Magtymguly Pyragy" filmi görkezildi

Türkmenistanda Mary welaýatynda 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi açyldy
22.01.2025
|15:20
|629
Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji ýylyň şygary – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan sergi açyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» habar berýär.

GDA-da täze halkara kino sungatynyň festiwaly dörediler
22.01.2025
|11:15
|670
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) “Arkalaşyk” ady bilen täze halkara kino sungatynyň festiwaly dörediler. Bu başlangyç Gazagystan tarapyndan teklip edildi hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň goldawyny tapdy.

Brýusselde türkmen sungatynyň özboluşly önümleri görkezildi
20.01.2025
|14:17
|574
19-njy ýanwarda Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň ähli künjeginden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksiýonerlaryň ýygnanýan ýerine öwrülen ýerde, özboluşly medeni çäre geçirildi. Türkmenistana degişli senetçilik işleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungat eserleri aýratyn galereýada sergilendi

«Oskar» baýragyna bolan gyzyklanma
19.01.2025
|00:25
|659
2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini sylaglamak maksady bilen 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek Amerikan Kino Sungaty we Ylym Akademiýasynyň 97-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň töwereginde gyzgalaňly jedeller başlandy

Dynç günleri teatrlarda nähili sahna oýunlara tomaşa edip bolar
17.01.2025
|15:40
|592
2025-nji ýylyň 17-19-njy ýanwary aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki topary Monakoda sirk festiwalynda çykyş eder
16.01.2025
|12:35
|882
Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki topary 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwar aralygynda geçiriljek Monte-Karlodaky 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşar. Türkmen atçylary tomaşaçylary özüniň owadanlygy we ýyndamlygy bilen haýran galdyrýan gözel ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky ajaýyp çykyşlaryny görkezerler.

Yslamabatda geçirilen halkara sergide türkmen medeniýeti görkezildi
16.01.2025
|03:00
|679
7-nji ýanwardan 14-nji ýanwar aralygynda Yslamabatda “Kalligrafiýa we sungat sergisiniň öçmez aýdyňlygy” (“Timeless Serenity of Calligraphy and Arts Exhibition) atly halkara sungat sergisi geçirildi, bu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan suratkeşleriň, fotosuratçylaryň we kalligrafiýanyň ussatlarynyň eserleri görkezildi. Türkmenistanyň ilçihanasy sergide türkmen medeniýetiniň baý taryhyny we häzirki zaman ösüşini görkezýän eksponatlary hödürledi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar güni bellendi
13.01.2025
|23:00
|526
Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.

Hytaýdaky festiwalda "Küşdepdi" tansy görkezildi
13.01.2025
|17:20
|456
Hytaýyñ Çunsin uniwersitetinde (CQU) talyp zehinleriñ halkara festiwaly geçirilip, onda türkmen talyplary "Küşdepdi" milli tansy bilen çykyş etdiler.