Mark Awreliniň heýkeli 65 ýyldan soň watanyna gaýtaryldy
01.08.2025 | 10:25 |Türkiýe medeni mirasy gorap saklamak we gaýtaryp almak işlerinde ýene bir uly üstünligi gazandy. Rim imperatory Mark Awreliniň bürünç heýkeli, 1960-njy ýyllarda ýurtdan çykarylypdy we 65 ýyl soň öz taryhy watanyna, Burdur welaýatynda ýerleşýän gadymy Bubon şäherine gaýtaryldy.
Imperatory filosof hökmünde görkezýän bu ýeke-täk arheologiki eser, uzak wagtlap Kliwlend Sungat muzeýiniň (ABŞ, Ogaýo ştaty) ýygyndysynda saklanýardy. Şeýle-de bolsa, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Manhetteniň prokuraturasy we ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen bilelikdäki derňewiň netijesinde, eser 2025-nji ýylda resmi taýdan gaýtaryldy.
Heýkeliň gelip çykyşyny anyklamakda Türkiýäniň meşhur ilkinji zenan-arheology, professor Žale Ynan möhüm orun tutdy, onuň ylmy işleri repatriasiýa boýunça hukuk çäreleriniň esasyny döretdi. Soňky arheologiki we barlaghana seljermeleri, heýkeliň bir döwür Bubon şäherindäki gadymy ybadathanasy bolan Sewasteýony bezäp durandygyny tassyklady.
2024-nji ýylda ekspert topary heýkelden we gazuw-agtaryş meýdanyndan alnan ýer we material nusgalaryny seljerdi. Olaryň doly gabat gelşi Germaniýadaky Curt Engelhorn Archaeometry Centre barlaghanasynda professor Ernst Pernikiniň ýolbaşçylygynda tassyklanyldy.
Ilkibaşda, Kliwlend Sungat muzeýi subutnamalaryň ýetmezçiligine salgylanyp, eseriň gaýtarylyp berilmegini inkär edip, talap arzasyny tabşyrdy, ýöne täze ylmy maglumatlar ähli zatlary öz ýerine goýdy.
Netijede, muzeý öz şikaýatyny yzyna aldy we heýkeli gaýtarmaga resmi razyçylygyny berdi. Muzeýiň wekilleri öz beýanatynda türk we amerikan häkimiýetlerine konstruktiw ylmy hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, heykeliň gaýtarylmagyny «taryhy üstünlik» diýip atlandyryp, bu üstünligiň diplomatlaryň, alymlaryň we hukuk edaralarynyň birleşen tagallalarynyň netijesi bolandygyny belledi.
Mark Awreliniň heýkeliniň gaýtarylmagy Türkiýäniň medeni gymmatlyklary gaýtaryp almak boýunça dowam edýän kampaniýasynyň möhüm ädimine öwrüldi. «Geljegiň mirasy» milli maksatnamasynyň çäginde, ýurt arheologiýa gazuw-agtaryşlary we dikeldiş işleri giňeldip, 2026-njy ýyla çenli 800-e golaý täze barlag taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
ORIENT