Iň täze habarlar

Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi mümkin

31.07.2025 | 16:15 |
 Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi mümkin

Şu ýylyň iýul aýy Aşgabatda alnyp barylan howa gözegçiliginiň taryhynda iň yssy aýlarynyň bäşligine girmegi ähtimal. Howa kadasynyň +31,7° bolmagynda şu günki günüň ortaça temperaturasy +33,4° barabardyr.

Iň yssy iýul aýy 2018-nji ýylyň iýuly boldy. Şol wagtda ortaça aý temperaturasy +35,2° boldy. Soňra bolsa 2019-njy we 2021-nji ýyllar gelýär, şonda temperatura +33,7° boldy. 2023-nji ýylda bolsa howa derejesi +33,4°, 2015-de +33,2°, 1983-de bolsa +33,1° deňdi. Has yssy ýyllaryň soňky onýyllyklara düşýändigi bellärlikdir.

Munuň bilen birlikde häzirki iýul aýynda Aşgabatda çakdanaşa ýokary howa derejesi bolmady. 2021-nji ýylda hasaba alnan iň ýokary temperaturanyň +46,8° bolmagynda, şu ýyl ol diňe +43,2° deňdir.

Çaklamalar hem dogry bolup çykmady. Global howa modelleriniň maglumatlaryna, hususan-da, GFSv2 maglumatyna laýyklykda, iýul aýynda iýun aýy bilen takmynan deň howanyň bolmagyna garaşylýardy. Ýygy demirgazyk-günbatar atmosfera hereketleriniň hasaba alynmagy bilen, şu ýylyň iýul aýynyň soňky kadadan ýokary yssy onýyllygyň iň salkyn aýy bolmak mümkinçiligi bardy.

Emma sinpotik prosesinde ýylylyk depresiýasy ýüze çykyp ugrady. Bu bolsa ýokary temperaturalaryň ähtimallygyny aňladýar. Demirgazyk-günbatar atmosfera hereketleriniň yýgylygy peselip, özleri bolsa gowşak ýagdaýda boldy. Şeýlelik bilen, soňky ýyllaryň çakdanaşa ýokary temperaturalary saklanyp galýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: