Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar güni bellendi
13.01.2025 | 23:00 |Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Ebrahim Parwiz duşuşygy açdy. Ol maşgalada we jemgyýetde atalaryň ornunyň wajyplygy barada belläp geçdi: “Maşgala durmuşynda ata durnuklylygyň, goldawyň we halypaçylygyň nyşanydyr. Onuň barlygy diňe bir maddy ýagdaýda däl, eýsem çagalaryň terbiýesinde, ahlak gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagynda hem wajypdyr”.
Türkmenistandaky Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani hem gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Ol: “Eýranda Atalar güni Hezreti Alynyň doglan güni bilen gabat gelýär. Şol gün biz atalara, olaryň söýgüsine we maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak üçin olaryň edýän tagallalaryna hormat goýýarys. Biziň ýurdumyzda, edil Türkmenistandaky ýaly hem ata maşgalanyň daýanjy hasaplanylýar”.
Çäre aýdym-saz çykyşlaryndan, goşgylaryň okalmagyndan we sahnalaşdyrylan oýunlardan ybaratdy. Pars dilini öwrenýän talyplar maşgalada atanyň orny barada aýdym hem-de örän täsirli wideo ýazgy taýýarladylar.
Uly el çarpyşmalara mynasyp bolan türkmen dilinde ýerine ýetirilen goşgular we gülkili sahna oýunlary myhmanlaryň ünsüni çekdi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary we okuwlary tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşuryldy.
Çäräniň guramaçylary myhmanlara däp süýjülikleri hem hödürlediler. Ozal Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Eneler güni bellendi.
ORIENT news