Awgust aýynda Türkmenbaşy halkara howa menzili arkaly amala aşyrylýan howa gatnawlary dikeldiler
31.07.2025 | 17:18 |2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan Türkmenbaşy halkara howa menzili täzeden ýolagçylary kabul edip başlar.
“Türkmenhowaýollarynyň” täzelenen içerki gatnawlarynyň tertibine laýyklykda, ilkinji nobatda, Aşgabat-Türkmenbaşy we Türkmenbaşy-Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň dikeldilmegi meýilleşdirilýär.
Howa gatnawlary 1-nji sentýbara çenli her gün amala aşyrylar. Türkmenbaşy halkara howa menzili bilen bilelikde Balkanabat howa menzili hem öz işini dowam eder. Ol Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndan gelýän gatnawlary kabul eder.
ORIENT