Iň täze habarlar

Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki topary Monakoda sirk festiwalynda çykyş eder

16.01.2025 | 12:35 |
 Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki topary Monakoda sirk festiwalynda çykyş eder

Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki topary 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwar aralygynda geçiriljek Monte-Karlodaky 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşar. Türkmen atçylary tomaşaçylary özüniň owadanlygy we ýyndamlygy bilen haýran galdyrýan gözel ahalteke bedewleriniň gatnaşmagyndaky ajaýyp çykyşlaryny görkezerler.

Monte-Karlodaky Halkara sirk festiwaly sirk sungatynyň dünýäsinde möhüm wakalaryň biridir. Şu ýyl festiwal aýratyn ähmiýete eýe bolar. Guramaçylar bütin dünýäden geljek artistleriň birnäçe rekord çykyşlary we tomaşalary barada habar berdiler.

Türkmen atçylaryň çykyşlaryndan başga-da festiwalyň myhmanlaryna sahna birbada çykaryljak 40 sany jandarlaryň gatnaşmagyndaky gerimli çykyş garaşýar. Bu çykyş sirkiň taryhyndaky iň ulylarynyň biri bolar. Şeýle-de tomaşaçylar hytaýly tigir akrobatlaryň, çili masgarabazyň çykyşlaryny hem-de meksikaly howa gimnastlaryň täsirli çykyşlaryny, şol sanda sirkiň gümmeziniň astyndaky seýrek bökme çykyşyny synlap bilerler.

Türkmenistanyň brendi we buýsanjy bolan “Galkynyş” milli at üstündäki topary dünýä arenasynda ýene bir gezek ýurduň sungatyny we medeniýetini açyp görkezer. Toparyň edermen atçylary halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek çempionlygy eýelediler. Sankt-Peterburgda, Italiýada, Hytaýda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Gyrgyzystandaky Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda hem baş baýraga mynasyp boldylar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: