Türkmenistan bilen Owganystan Turgundy portuny döwrabaplaşdyrmak üçin 5 million dollarlyk ylalaşyga gol çekdiler
01.08.2025 | 00:23 |Türkmenistan bilen Owganystan iki ýurdy birleşdirýän möhüm söwdä merkezi bolan Turgundy portunyň infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Bahasy 5 million ABŞ dollara deň bolan resminama srbitleýin ulag aragatnaşygyny we Günorta we Merkezi Aziýanyň üstaşyr geçiş netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ylalaşyk Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň düzümine girýän Demir ýol müdirligi bilen Türkmenistanyň “Demirýollary gurluşyk” döwlet demirýol gurluşyk kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy diýip, “Ariananews” habar berýär.
Bu ädim demir ýol ulgamyny utgaşdyrmak we serhetüsti söwdany işjeňleşdirmek ugrundaky ikitaraplaýyn giň tagallaryň bir bölegidir. Owganystanyň Jemgyýetçilik ministrliginiň beýanatyna görä, ylalaşykda Turgundy-Hyrat demir ýolunyň ugrundaky häzirki zaman ýük düşürýän we ýükleýän desgalarynyň şol sanda ammarlarynyň taslamalary türkmen tarapyndan düzülmegi we gurulmagy göz öňünde tutulan. Bu döwrebaplaşdyryş işleri portuň geçiriş mümkinçiligini artdyrar we amallaryň netijelligini ýokarlandyrar diýip garaşylýar.
Turgundy gury portunyň ösdürilmegini iki ýurduň resmi adamlary Owganystany sebit söwdasy üçin gury ýer köprüsi hökmünde kesgitlemek ugurndaky tagallarynda möhüm tapgyr hökmünde görýärler. Kämilleşdirilen infrastruktura diňe bir importyň we eksportyň mukdary artdyrmak bilen birlikde Owganystanyň serhetüsti logistikada ornuny hem ýokarlandyrar diýip garaşylýar.
Ylalaşyk Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady esasanam demir ýol we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlaryň dowamydyr. Resmi adamlar sebitleýin arabaglanşygyň uzak möhletleýin ykdysady ösüş we durnuklylyk üçin esas bolup durýandygyny yzygiderli nygtaýarlar.
Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamasy diňe söwdany ýeňilleşdirmän, eýsem täze söwda mümkinçiliklerini döreder we durnukly sebit hyzmatdaşlygy arkaly iki ýurduň has giň maksatlary ýetmek üçin ýardam eder.
ORIENT