Hytaýdaky festiwalda "Küşdepdi" tansy görkezildi
13.01.2025 | 17:20 |Hytaýyñ Çunsin uniwersitetinde (CQU) talyp zehinleriñ halkara festiwaly geçirilip, onda türkmen talyplary "Küşdepdi" milli tansy bilen çykyş etdiler.
Döredijilik çäresine dürli ýurtlaryñ, şol sanda Türkmenistanyñ, Indoneziýanyñ, Wýetnamyñ, Taýlandyñ we Mýanmanyñ 20-den gowrak daşary ýurtly talyplary gatnaşdy.
Festiwal medeni köpdürliligi açyp görkezmek hem-de halkara talyplyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin meýdança öwrüldi.
Türkmen talyplary tarapyndan "Küşdepdi" milli tansynyñ ýerine ýetirilmegi halkara köpçüligi Türkmenistanyñ baý medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik döretdi.
ORIENT news