Iň täze habarlar

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

02.08.2025 | 10:12 |
 Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji awgustda Türkmenistana iş sapary bilen geler.

Akorda-nyň habar bermegine görä, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar. Forum Türkmenistanyň "Awaza" milli sytahatçylyk zolagynda geçiriler.

Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň sebitleýin hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we ulag baglanyşygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT

Foto: sng.today

Şeýle hem okaň: