Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Awazada geçiriljek forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar

01.08.2025 | 08:55 |
 Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Awazada geçiriljek forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyby "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça forumyň guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Meýletinçiler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden saýlandy we dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin taýýarlyk görýärler. Olaryň wezipelerine dilden terjime etmek, wekiliýetleriň ýanynda bolmak, protokol goldawyny bermek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmek degişli bolup durýar.

1

Gatnaşyjylaryň arasynda žurnalistika ugrundan bilim alýan talyplar bar. Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, foruma gatnaşmak, talyplara nazary bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, meýletinçiler dürli dillerde KHBS-de çykyş etmek üçin taýýarlyk gördüler.

Meýletinçileriň taýýarlyk okuwlary tutuş okuw ýylynyň dowamynda tassyklanan meýilnamanyň esasynda alnyp baryldy. Okuwlaryň çäginde talyplar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geografiýasy, olaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça tagallalary, halkara protokoly, köpçüligiň öňünde çykyş etmek we milli däp-dessurlaryň göz öňünde tutulmagy bilen daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek boýunça maglumatlary öwrendiler.

2

Ähli meýletinçiler üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan döwrebap talaplara laýyk gelýän ýörite egin-eşikler taýýarlandy. Dizaýny, forumyň temasynyň göz öňünde tutulmagy bilen milli äheňde ýerine ýetirildi. Şeýle hem, teleoperatorlar, lukmanlar we beýleki hyzmat ediş işgärleri üçin aýratyn egin- eşikleriň toplumlary işlenip taýýarlanyldy.

Geçen hepde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gatnaşyjylar üçin ýörite taýýarlyk okuwlary geçirildi. Meýletinçileriň käbiri eýýäm "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, ýerinde guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Forum BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistan bu çärelere ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan meýletinçileriň gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.

ORIENT

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: