Ekodünýä
Gazagystanly mugallym ýaby süýdünden taýýarlanan doňdurmalary eksport etmegi meýilleşdirýär
05.07.2023
|18:02
|985
Gazagystanyň Türkestan oblastynyň 11-nji kollejiniň pedagogy Žadyr Baýdaly kumysdan (ýaby ýa-da at süýdi) doňdurmalary öndürýär.
Saýgaklaryň çozuşy: Gazagystanyň günbatarynda saýgak sürüleri ekin meýdanlaryny depeleýär we ot-iýmlik ösümlikleri ýok edýär
03.07.2023
|23:33
|1441
Gazagystanyň günbatarynda ekerançylar ot-iýmlik üçin ösümlikleri saýgaklaryň depelemeginden goramak maksady bilen ekin meýdanlarynda ýatyp-turýarlar. Haýwanlaryň ekini we öri meýdanlaryny zaýalaýandygy barada “Habar 24” teleýaýlymy habar berýär.
Duşanbede çölleşmä garşy göreş boýunça halkara maslahat geçiriler
23.06.2023
|21:44
|1142
Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasy (UNCCD) 1-2-nji iýulda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde ylmy-amaly maslahat geçirer.
Üstýurt platosynda serhetüsti goraghanany döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar
22.06.2023
|21:11
|990
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS COP14) gatnaşýan döwletleriň 14-nji maslahaty geçiriler. Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan Üstýurt serhet üçburçlugynda tebigaty goramak pudagynda serhetaşa hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýärler. Taraplaryň wekilleri Nöküsde tejribe alyşmak üçin duşuşdylar. Türkmenistandan Gaplaňňyr goraghanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
22.06.2023
|03:05
|673
Iýun aýynyň 20-21-i aralygynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň köp sanly hökümet we raýat jemgyýeti guramalaryna, şeýle hem sebit we halkara guramalaryna wekilçilik edýän 60-dan gowrak gatnaşyjy Özbegistanyň Daşken şaherinde seminara ýygnandylar. Bu çäre, ÝHHG-nyň Ykdysady we daşky gurşaw çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy bilen Berliniň analitik merkezi Adelphi-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda guraldy.
Ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýanýan alawy nähili öçürmeli?! Türkmen alymlary muňa çözgüt tapdylar
20.06.2023
|11:39
|1439
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň barlaglar bölüminiň başlygy Irina Lurýewanyň mälim etmegine görä, Garagum sährasynyň merkezinde 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýanýan gaz kraterini öçürmek boýunça ylmy çözgüt tapyldy we ol häzirki wagtda ylalaşmak tapgyryndadyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.
Ýakyn günlerde Türkmenistanda +45 gradus yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
15.06.2023
|16:09
|1016
Şenbe güni Türkmenistanyň gündogarynda we günorta-gündogarynda +40 — +45 °C çenli yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Yssy howa Lebap we Mary welaýatlarynda bolar. Ahal we Daşoguz welaýatlarynda ondan biraz pesräk gyzgyn howanyň bolmagyna garaşylýar – diýip, «Meteožurnal» habar berýär.
Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler
15.06.2023
|15:57
|930
Fransiýanyň speleologiýa federasiýasyndan spelebiologlaryň we karstologlaryň topary Köýtendagdaky «Gülşirin» gowagynyň wirtual 3D kartasyny düzmek üçin onuň meýdanynyň 70%-niň lazer barlagyny geçirdiler. Häzir alymlar Köýtendag goraghanasyndaky karst labirintlerindäki oňurgasyz haýwanlary öwrenmek bilen meşgullanýarlar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.
Türkmenistan Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürer
15.06.2023
|15:53
|1123
Türkmenistanyň we Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy barlaglar, şeýle hem tebigaty goramak bilen bagly milli kanunçylygy kämilleşdirmekde bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanň çetki etraplarynda gün elektrik stansiýalary gurlar
15.06.2023
|10:10
|832
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanyň çetki ilatly ýerlerinde gün elektrik stansiýalaryny gurmagy meýilleşdirýär. Täze gün elektrik stansiýalarynyň birinji tapgyrdaky kuwwatlylygy 6 megabite barabar bolar. Bu barada korporasiýanyň gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow paýtagtymyzda geçirilýän “Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda habar berdi.