Saýgaklaryň çozuşy: Gazagystanyň günbatarynda saýgak sürüleri ekin meýdanlaryny depeleýär we ot-iýmlik ösümlikleri ýok edýär
03.07.2023 | 23:33 |Gazagystanyň günbatarynda ekerançylar ot-iýmlik üçin ösümlikleri saýgaklaryň depelemeginden goramak maksady bilen ekin meýdanlarynda ýatyp-turýarlar. Haýwanlaryň ekini we öri meýdanlaryny zaýalaýandygy barada “Habar 24” teleýaýlymy habar berýär.
9 ýyl mundan ozal ýitmek howpy astynda bolan saýgaklary atmak gadagan edildi. Şol wagt olaryň baş sany 250 müňden gowrakdy. Şonuň üçin ýurtda olaryň awlanmagy üçin berilýän jeza has-da berkidildi. Netijede, soňky gezek geçirilen sanaw goşatoýnaklylaryň baş sanynyň iki milliondan-da geçendigini görkezdi.
Geljek ýyl olaryň sanynyň 3,5-4 milliona ýetmegine garaşylýar. Daýhanlara ekin hasylyny ýitirmek howpy abanýar. Ekologiýa ministrliginde saýgaklaryň sanyny atyw arkaly kadalaşdyrmak kararyna gelindi. Gazagystanyň günbatarynda olaryň 90 müňüni ýok etmegi meýilleşdiripdiler. Emma, bu pikire daşky gurşaw aktiwistleri garşy çykdylar, hökümet tarapyndan bu mesele, daýhanlaryň ýitgisiniň öwezini tölemek meselesi deýin, henizem açyklygyna galýar.
“Biz komitetimiziň ýöriteleşdirilen guramasy bolan ygtyýarly edaranyň güýçleri tarapyndan san kadalaşdyrylmasyny teklip edýäris. Bizde ozal haýwanlaryň bu görnüşini goramak wezipesi bilen meşgullanan “Ohotzooprom” edaramyz bar” - diýip, Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň başlygy Nurlan Kylyşbaew aýtdy.
Häzirki wagtda ýörite düzülen topar obalary aýlanyp, daýhanlaryň ýitgilerini hasaplaýar. Häzirlikçe olar diňe iýmlik-ot ösümliklerine degişlidir. Gyssagly çäreler görülmese, sebitlere bugdaý hasylynyň ýitgisi garaşýar – diýlip, habarda bellenilýär.
ORIENT news