Ekodünýä
Türkmenistanyň çäginde guşlaryň täze görnüşi hasaba alyndy
29.07.2023
|11:47
|2255
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekology Hojamyrat Hojamyradow Köýtendag sebitinde guşlaryň biziň çäklerimizde duş gelmeýän täze görnüşini surata aldy. Alymlar bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň, bu guş görnüşiniň biziň ýurdumyzyň çäklerine täze gelendigi belli boldy.
Türkmenistan we FAO ýurtda ýerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýarlar
26.07.2023
|15:55
|1143
Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, daşky gurşawy goramak, maliýe, ykdysadyýet, babatyndaky, statistika edaralarynyň we beýleki ugurlaryň hünärmenleri BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen ýerden we suwdan netijeli peýdalanmak boýunça taslamalaryň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG Gyzyl deňizdäki taşlanan gämiden nebit çykarmak boýunça çylşyrymly işe girişdi
26.07.2023
|00:31
|1370
BMG mümkin, "dünýäniň iň iri haýal hereketli bombasyny" zyýansyzlandyrmak boýunça işe girişdi. Bu barada guramanyň Baş sekretary sişenbe güni Ýemeniň kenaryndaky Gyzyl deňizde FSO tankerinden million barrel nebitiň başga bir gämä geçirilmegi boýunça çylşyrymly deňiz halas ediş işleriniň başlanandygyny habar berdi.
Täze poligon Daşkendi zir-zibillerden arassalar
21.07.2023
|21:29
|846
Onuň gurluşygyny eýýäm noýabr aýynda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Öý galyndylary üçin ilkinji tehnologiki taýdan ösen poligon Daşkent welaýatynda peýda bolar. Onuň çäginde zir-zibil gazyny çykarmak we soňraky elektrik energiýasy öndürmek üçin turbalar gurlar diýip, Özbegistanyň Ekologiýa, Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Lebap welaýatyndaky saglyk öýi, Türkmenistanda gün energiýasy bilen işleýän ilkinji saglyk edarasy boldy
20.07.2023
|21:39
|1216
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde täze synag gün energiýasy ulgamy oturdyldy. Etrap başlangyç saglygy goraýyş merkezi, ýurtda elektrik energiýasy bilen üpjün edýän gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan ilkinji edara boldy. Bu maksatnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilen UNISEF-iň innowasion taslamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.
Ýeriň ýüzüniň 2 göterimini ak reňke boýap global ýylylygy durdurmagy teklip etdiler
16.07.2023
|18:18
|1242
Adamzadyň iň oňat akyllary global ýylylygyň öňüni almagyň ýoluny gözleýärler we olaryň biri – Dewisdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň elektrotehnika we kompýuter inženerliginiň professory Jeremi Mundeý has ýönekeý, ýöne gaty jedelli usuly teklip etdi. Alymyň pikiriçe, global ýylylygyň öňüni almak üçin ýer ýüzüniň takmynan 2 göterimini ak reňk bilen boýamak zerur.
Hazar deňzine suw guýmaly: Gazagystanyň ekologlary aladalanýarlar
14.07.2023
|22:15
|1238
Hazar deňziniň üstki meýdany 15 ýylda 8 müň km² azaldy. Bilermenleriň pikiriçe, suwuň derejesiniň peselmegi eýýäm ekoulgama we deňiz senagatyna täsir edip ugrady. Gazagystanyň ekologlarynyň pikiriçe, Hazara Wolga we Žaýyk derýalarynyň suwuny guýmaly – diýip, Sputnik habar berýär.
“Jümle Travel” syýahatçylyk kompaniýasy fransuz we gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy
14.07.2023
|09:28
|1173
Türkmenistandaky “Jümle Travel” syýahatçylyk kompaniýasy Fransiýanyň “Saberatours” kompaniýasy we Gazagystanyň “Тумар-Транс” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary baglaşdy.
Nebit we gaz çykarylyşda intellektual ulgam ulanylyp başlandy
10.07.2023
|11:11
|1367
“Belorusneft” kompaniýasy “Sanly çig mal ýatagy” ady bilen öz desgalarynda intellektual ulgamy ulanyp başlady. Bu barada “БелТА” habarlar agentligi mälim edýär.
Täjigistanda seýrek haýwanlary saklamak üçin gonalga açyldy
07.07.2023
|00:34
|1252
Çarşenbe güni Täjigistanyň Şahristan sebitinde ajaýyp ýerde seýrek haýwanlar üçin gonalga açyldy. Taslamanyň awtorlary esasy ünsi Ýewropanyň sugunlaryna we dag goçlaryna berýärler diýip, Centralasia.news habar berýär.