Iň täze habarlar

Türkmenistanň çetki etraplarynda gün elektrik stansiýalary gurlar

15.06.2023 | 10:10 |
 Türkmenistanň çetki etraplarynda gün elektrik stansiýalary gurlar

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanyň çetki ilatly ýerlerinde gün elektrik stansiýalaryny gurmagy meýilleşdirýär. Täze gün elektrik stansiýalarynyň birinji tapgyrdaky kuwwatlylygy 6 megabite barabar bolar. Bu barada korporasiýanyň gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow paýtagtymyzda geçirilýän “Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary” atly ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda habar berdi.

Mälim edilişine görä, ýurdumyzyň hünärmenleri gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleri babatda halkara tejribelerini öwrenýärler we bu ugurda birnäçe işläp taýýarlamalary alyp barýarlar. Alymlaryň bu ylmy işläp taýýarlamalary öz gezeginde, ýurdumyzda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmäge, daşky gurşawa goramaga we tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga ýardam eder.

ORIENT news

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: