Ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýanýan alawy nähili öçürmeli?! Türkmen alymlary muňa çözgüt tapdylar
20.06.2023 | 11:39 |“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň barlaglar bölüminiň başlygy Irina Lurýewanyň mälim etmegine görä, Garagum sährasynyň merkezinde 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýanýan gaz kraterini öçürmek boýunça ylmy çözgüt tapyldy we ol häzirki wagtda ylalaşmak tapgyryndadyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.
Tebigy gazyň biderek ýere ýanmagynyň öňüni almak boýunça çözgüt gaz krateriniň golaýynda gaz çykaryjy guýyny gurmakda jemlenýär. Bu guýy gaz kraterine barýan tebigy gazyň ýoluny sowmaga we senagat ähmiýetli ulanmaga ýardam eder. Mälim edilişine görä, gaz krateri örän çylşyrymly ýerasty gurluşa eýedir.
“Garagumyň ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bu gaz krateri 1971-nji ýylda bu ýerde gurlan barlag guýusynyň opurylmagy netijesinde emele gelýär. 1922-nji ýylda ýurdumyz gaz krateriniň dowamly ýanmagy netijesinde daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak we senagat bähbitli ulanmak maksady bilen ony öçürmek boýunça işleri alyp barmak kararyna geldi.
ORIENT news