Duşanbede çölleşmä garşy göreş boýunça halkara maslahat geçiriler
23.06.2023 | 21:44 |Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasy (UNCCD) 1-2-nji iýulda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde ylmy-amaly maslahat geçirer.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem Russiýanyň, Belarusyň, Gruziýanyň we Moldowanyň wekilleri konwensiýada göz öňünde tutulan esasy meseleleri we ýerleri durnukly dolandyrmak, ýerleriň zaýalanmagyna bitarap garamak we guraklyga irgözin çäre görmek, şeýle hem gum we tozan tupanlarynyň täsirini azaltmak arkaly olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahata gatnaşyjylar belli bir ýurtlar we sebitler boýunça maglumatlary hödürlärler, şeýle-de aýallary ýer dolandyryş işine çekmegiň katalizatory hökmünde ýere kepillikli hukuklaryň möhüm ornuna ünsi jemlärler – diýip, UNCCD-niň saýtynda habar berilýär.
UNCCD-niň Ýerine ýetiriji sekretary Ybraýym Tiaunyň iýun aýynyň başynda 10- njy Newa halkara daşky gurşaw kongresinde eden çykyşynda aýdyşy ýaly: “Ýer togalagynyň hiç bir künjegi howanyň üýtgemeginiň, biodürlüligiň ýitmeginiň, ýerleriň zaýalanmagynyň we gurakçylygyň zyýanly täsirlerinden ätiýaçlandyrylmadyk. Deňiz derejesi ýokarlanýar, ummanlaryň turşulaşma derejesi artýar, Arktika ereýär, tokaýlar ýanýar, tebigy heläkçilikler möwjeýär. Guraklyk hemme ýere öz güýçli täsirini ýetirdi...”.
Ol hemmeleri durnukly ösüşiň kuwwatly we tygşytly guraly hökmünde ýerleri dikeltmek barada pikirlenmäge çagyrdy.
Geljek ýyl BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyna 30 ýyl dolýar. 2024-nji ýyl Saud Arabystany Patyşalygynda geçiriljek COP16 konwensiýasynyň hem ýylydyr.
BMG-niň çölleşmä garşy göreş Konwensiýasy ýerleriň zaýalanmagyna we gurakçylygyň netijelerine garşy göreşmek üçin döredilen ýeke-täk kanuny taýdan borçlandyrýan ähliumumy şertnamadyr.
Gurakçylyga çydamlylyk, ýerleri durnukly dolandyrmak we olary dikeltmek baradaky bilimleri paýlaşmak we çuňlaşdyrmak ýerleriň ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň açarydyr.
ORIENT news