Iň täze habarlar

Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler

15.06.2023 | 15:57 |
 Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler

Fransiýanyň speleologiýa federasiýasyndan spelebiologlaryň we karstologlaryň topary Köýtendagdaky «Gülşirin» gowagynyň wirtual 3D kartasyny düzmek üçin onuň meýdanynyň 70%-niň lazer barlagyny geçirdiler. Häzir alymlar Köýtendag goraghanasyndaky karst labirintlerindäki oňurgasyz haýwanlary öwrenmek bilen meşgullanýarlar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.

Elektron karta-shemasy geologlara daş ýerastynda möwsümleýin üýtgemeleri geçirmäge kömek eder, ýaş hünärmenlere we adaty syýahatçylara bolsa — ugurlary meýilleşdirmäge we «Gapgotan», «Gülşirin», «Haşymoýyk» we «Aralyk» gowaklarynyň wizual kartalarynyň kömegi bilen türgenleşmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň agroekologiki edaralary fransuz speleologlary bilen bilelikde ýakyn wagtda Köýtendagyň ähli kars döremeleri üçin şuňa meňzeş karta-shemalary düzmekligi meýilleşdirýärler, bu bolsa tebigatyň bu ajaýyp ýadygärliklerini açmakda täze geljegi döreder.

Kars döremeleri bu mineral birleşmelerdir ýa-da ereýän gowaklaryň gaýalarynda asylyp duran galyndylardyr.

ORIENT habarlar

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: