Medeniýet

Moskwada Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Sazly-illýustratiw ýygyndy” neşir edildi
08.10.2024
|12:00
|938
Moskwada Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubleýine bagyşlanan ajaýyp “Sazly illýustratiw ýygyndy” neşir edildi. Bu ýygyndy, “Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri” we illýustratiw “Şekili” öz içine alýan kompozitoriň bäsleşiginiň ýeňijileriniň eserlerini öz içine alýan hakyky döredijilik tapyndylaryna öwrüldi.

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler
06.10.2024
|13:05
|741
10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriljek VI Wena balyna görülýän taýýarlyk barada anna güni Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna bu medeni çäräni geçirmek bilen bagly degişli teklip hödürlenildi.

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi
04.10.2024
|12:15
|879
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatyndaky Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi.

Bişkekde Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
04.10.2024
|01:25
|587
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gyrgyz diline terjime edildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Bişkekde 3-nji oktýabrda “Gündogar şygyryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly maslahatyň çäginde geçirildi. Çärä Gyrgyzystan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi N.Golliýew gatnaşdy.

Hytaýda “Ýüpek ýoly” atly birinji Halkara medeniýet we sungat festiwaly geçirilýär
03.10.2024
|04:40
|383
1-nji oktýabrda bellenilýän Hytaýyň esasy milli baýramçylygy mynasybetli Şensi welaýatynyň Siýan şäherinde “Ýüpek ýoly” atly birinji halkara medeniýet we sungat festiwaly açyldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylar sebitiň baý däp-dessurlaryna aralaşmak we Täze Hytaýyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygyny bellemek üçin “Silk Road Happy World” (“Ýüpek ýoly bagtly dünýä”) seýilgähine ýygnandyrlar.

Türkmen suratkeşi BRIKS sammitinde ös işleri bilen tanyşdyrar
01.10.2024
|11:30
|561
Kazan şäherinde 22-24-nji oktýabr aralygynda geçiriljek BRIKS döwlet baştutanlarynyň XVI sammitiniň medeni maksatnamasynyň çäginde türkmenistanly suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Berdiguly Amasahatow ilkinji gezek öz surat eserleriniň sergisi bilen tanyşdyrar. Bu barada suratkeş “TASS” habarlar agentliginiň korrespondenti bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Magtymgulynyñ heýkeli oturdylar
26.09.2024
|23:30
|378
Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.

Türkmenistanyň Döwlet sirki Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli täze çykyşlary görkezer
26.09.2024
|18:00
|492
Türkmenistanyň Döwlet sirki Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli sentýabr aýynyň 28-29-na sagat 18:00-da sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe we artist Annajemal Nurmuhammedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy
25.09.2024
|13:40
|430
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.

Medeni alyş-çalyşyň çäginde Brýusselde türkmen sungatynyň we däp-dessurlarynyň agşamy geçirildi
25.09.2024
|02:25
|683
Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan joşgunly medeni çäre geçirildi. Bu dabara medeni ulgamyň wekillerini, ýagny Merkezi Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň moda we sungat işgärlerini, şeýle hem bu ugurdaky dürli guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre Medeniýet alyş-çalyş hepdeliginiň bir bölegi boldy we häzirki zaman sungat we moda görnüşleri arkaly türkmen däp-dessurlaryny goramagyň möhümdigini görkezdi.