Iň täze habarlar

Türkmen suratkeşi BRIKS sammitinde ös işleri bilen tanyşdyrar

01.10.2024 | 11:30 |
 Türkmen suratkeşi BRIKS sammitinde ös işleri bilen tanyşdyrar

Kazan şäherinde 22-24-nji oktýabr aralygynda geçiriljek BRIKS döwlet baştutanlarynyň XVI sammitiniň medeni maksatnamasynyň çäginde türkmenistanly suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Berdiguly Amasahatow ilkinji gezek öz surat eserleriniň sergisi bilen tanyşdyrar. Bu barada suratkeş “TASS” habarlar agentliginiň korrespondenti bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Sergi 18-nji oktýabrda Kazan kremliň çägindäki “Hazine” Milli çeperçilik galereýasynda açylyp, onda suratkeşiň Gündogaryň şygyryýeti, hususan-da, Ýunus Emre (Türkiýe), Jelaleddin Rumi we Nawoýy (Pars) hem-de Magtymguly Pyragy ýaly şahyrlaryň döredijiligi bilen ruhlanan 42 surat eseri segilener.

Suratkeşiň aýtmagyna görä, bu onuň Kazandaky ilkinji sergisi bolar, mundan ozal ol rus şäherleriniň arasynda diňe Moskwada öz surat eserleri bilen tanyşdyrdy. Sergi 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Berdiguly Amansahatow 60-dan gowrak sahna oýunlarynyň bezegçisidir. Onuň surat eserleri Türkmenistanyň we Russiýanyň muzeý ýygyndylarynda, şeýle-de Özbegistanyň, Ukrainanyň, Litwanyň, Türkiýeniň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň we ABŞ-nyň hususy kolleksiýalarynda ýerleşdirilen.

ORIENT news

Foto: tatar-inform.ru

Şeýle hem okaň: