Türkmenistanyň Döwlet sirki Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli täze çykyşlary görkezer
26.09.2024 | 18:00 |Türkmenistanyň Döwlet sirki Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli sentýabr aýynyň 28-29-na sagat 18:00-da sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar.
Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary görkeziler.
Esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary tomaşaçylarda üýtgeşik täsir galdyrar.
Maglumat almak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 36-10-95 we 36-10-34.