Biznes habarlary

Lebabyň hususy guşçylyk fermalary towuk ýumurtgalarynyň öndürilişini iki esse artdyrdylar
19.04.2023
|16:08
|3347
Lebap welaýatynyň telekeçileri 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdireniňde ýumurtgalaryň önümçiligini iki esse artdyryp, bu görkezijini 2 mln 770 müň birlige ýetirdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 36 desgany bäsleşikli söwda çykarýar
18.04.2023
|11:32
|1526
10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Türkmenistanyň kiçi telekeçilerini eBay-de dükan döretmäge kömek edip biljek taslama çagyrýarlar
17.04.2023
|17:30
|1396
Türkmenistanyň kiçi telekeçileriniň eBay Central Asia Hub 2023 taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryny tabşyrmak prosessi başlandy. Bu başlangyç USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek baradaky taslamasy bilen Halkara maliýe merkeziniň Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

Ilon Maskyň SpaceX we Jek Manyň Alibaba kompaniýalary ITTC 2023 - Aşgabat halkara ulag maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar
17.04.2023
|12:05
|1494
Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.

«Türkmen senagat» HJ damjalaýyn suwaryş ulgamynyň önümçiligine badalga berdi
17.04.2023
|11:57
|1731
«Türkmen senagat» Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup sargyt edijileriň ähli islegleri göz öňünde tutulyp ýasalýan damjalaýyn suwaryşyň ýokary tehnologiýaly ulgamynyň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistana getirilmezden ozal gurluşyk materiallaryň satyn alynmagynyň maksada laýykdygy ýa-da däldigi barlanar
15.04.2023
|12:55
|1031
Gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Orunow ýurduň çägine getirilýän gurluşyk materiallarynyň tehniki, hil we gözellik häsiýetini barlamak barada buýruga gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda çap edildi.

«ÝB — Merkezi Aziýa» ikini Ykdysady forum 19-njy maýda Almatyda geçiriler
14.04.2023
|13:25
|1174
«ÝB — Merkezi Aziýa» ikinji Ykdysady forum 19–njy maýda Almatyda (Gazagystan) geçiriler – diýip, Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Gyrgyzystanyň Maýa goýum agentligi Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny meýilleşdirýär
12.04.2023
|21:59
|778
Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentligi maý aýynda Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny guramagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler
12.04.2023
|15:12
|1143
«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» birnäçe hyzmatlary etmek boýunça tender yglan edýär
11.04.2023
|17:31
|2184
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maýa goýum taslamasy boýunça auditorçylyk we hukuk hyzmatlaryny etmek boýunça Halkara ölçeglerine laýyklykda şu aşakdaky lotlar boýunça halkara tender-bäsleşigini yglan etdi: