Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewiň doglan gününi gutlady
24.07.2025 | 02:00 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurduň liderine iberen gutlagynda: “Siziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynam bildirýäris” diýip belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi diýip, TDH habar berýär.
Bu gutlag, Merkezi Aziýada bitewi, durnukly we gülläp ösýän giňişligi döretmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan Aşgabat bilen Daşkentiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň berkdigini alamatlandyrýar.
Şu gün, 24-nji iýulda Prezident Şawkat Mirziýoýew 68 ýaşyny belleýär. Onuň ýolbaşçylygynda Respublika “Täze Özbegistan” diýlip atlandyrylýan uly göwrümli özgerişlikleriň ýolunda ynamly hereket edýär. Bu özgertmeler durmuşyň ähli ugurlaryny – ykdysadyýetden we durmuş ulgamyndan başlap, sebit hyzmatdaşlygyny we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasata çenli öz içine alýar.
ORIENT