Merkezi Aziýa bölünen dünýäde hyzmatdaşlygyň ýoluny saýlady: munuň özi sanlarda nähili görkezilýär
23.07.2025 | 17:15 |“Bölünen dünýäde Merkezi Aziýanyň başga bir ýoly – hyzmatdaşlygyň we umumy çözgütleriň birleşmeginiň ýoluny saýlamagy begendirýär” – BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň bu sözlerini GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow Duşanbe şäherinde geçirilen 1-nji Merkezi Aziýa ykdysady forumynyň “Merkezi Aziýa täze garaýyşlar we formatlar üçin özara gatnaşyklaryň sebiti hökmünde” ady bilen geçirilen sessiýasynda eden çykyşynda belledi.
Plenar sessiýasynyň temasy barada belläp, Ilhom Nematow: “Onuň adynyň Merkezi Aziýa sebitindäki durmuşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly bolup geçýän ählumumy özgerişleri açýandygyna ynam bilen aýdyp bolar” – diýip belledi.
“GDA-da Merkezi Aziýa hakykatdanam täze garaýyşlar we özara gatnaşyklar üçin sebite öwrüldi. Sebitiň ykdysady ösüşi 6,2%, dünýäde ortaça 2,6%. Merkezi Aziýa döwletleriniň jemi içerki önümi 273 milliard dollardan 500 milliard dollara çenli ýagny1,6 esse ýokarlandy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary söwdasy 112 milliard dollardan 253 milliard dollara çenli ýagny 2 esse artdy” – diýip, Ilhom Nematow belledi.
GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegi sebäpli sebitde dostluk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk atmosferasynyň döredilip bilinjekdigini, çylşyrymly meseleleri çözmekde ylalaşykly çemeleşmäni ileri tutýandygyny aýtdy.
Gysga wagtyň içinde sebit ýurtlary döwlet serhetleri, suwdan peýdalanmak we ulag aragatnaşygyny bilelikde ulanmak meselelerini kadalaşdyrmagy başardylar. Ýagny, Merkezi Aziýa ädimme-ädim täze mümkinçilikleriň, gyzyklanmalaryň ýakynlaşmagy we inklýuziw hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülýär. Sebitdäki oňyn üýtgeşmeler döredilen “Merkezi Aziýa goşmak” dialogynyň formatlarynda öz beýanyny tapdy. Häzirki wagtda 40-a golaý ýurt we iki sebitleýin guramasy bilen 10-dan gowrak şeýle dialogyň meýdançasy herehet edýär.
ORIENT