TOPH taslamasy we bilim gatnaşyklary Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistanyň täze Ilçisiniň arasyndaky duşuşygyň üns merkezinde
23.10.2025 | 09:35 |22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçisi Bandaru Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany diplomaty bu wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hindistan bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.
Gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan halkara energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek baradaky garaýşyny tassyklady.
TOPH we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermekde esasy orny nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini hem belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu gatnaşyklaryň ösmegi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we Türkmenistan we Hindistan halklarynyň ýakynlaşmagyna goşant goşýar.
ORIENT