Iň täze habarlar

TSTB telekeçileri Balkan welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar

24.10.2025 | 12:05 |
 TSTB telekeçileri Balkan welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (SSTB) birleşmäniň agzalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda Balkan welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

TSTB-niň berýän maglumatlaryna görä, gurluşyk işleri Balkanabatda, Bereketde, Gyzylarbatda we Etrekde amala aşyrylar.

Balkanabat şäheri:

• Senagat zolagynda önümçilik desgalary;

• Hususy gurluşyk kompaniýalary üçin binagärlik bazasy;

• 1 gektar meýdanda azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammaryň gurluşygy.

Bereket etraby:

• 103 gektar meýdanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan maldarçylyk fermasy we iým ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek meýdançasy;

• 60 gektar meýdanda suw tygşytlaýjy usullar arkaly döredilýän miwe baglary;

• Galkynyş şäherçesinde 300 orunlyk dabaralar zaly, 1000 m² meýdanda Hyzmatlar öýi we ýapyk söwda merkezi.

Jebel şäherçesi (Balkanabat şäheri):

• Keramzit önümçiligi boýunça kärhana;

• Sement zawodynyň gurluşygy.

Esenguly (Ekerem şäherçesi):

• Ýod zawody.

Gyzylarbat etraby:

• Rowaç obasynda 300 orunlyk dabaralar zaly we 50 m² meýdanda azyk hem-de senagat harytlary dükany;

• “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň kenarýakasynda bir gatly söwda dükany;

• “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň kenarýakasynda balykçylyk hojalygy.

  • Goşmaça maglumat almak isleýän telekeçiler TSTB-niň Balkan welaýatyndaky bölüminiň aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler:

+993 (222) 2-10-77,

+993 (222) 2-20-77,

+993 (222) 2-30-77,

faks: +993 (222) 2-09-77.

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: