BMG Türkmenistanyň “ýaşyl” energiýa geçişine we metan zyňyndylarynyň azaldylmagyna goldaw berýär
22.10.2025 | 02:25 |Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistanyň durnukly we “ýaşyl” energiýa ulgamy ugrunda geçişini çaltlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamasy 21-nji oktýabrda Aşgabatda jemleýji çäre bilen üstünlikli tamamlandy.
BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilen bir ýyllyk taslama, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dekarbonizasiýasy üçin berk binýady döretdi. Maksatnama ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmek we soňraky ýyllarda olary ep-esli azaltmak boýunça milli maksadyna gönüden-göni goldaw berýär.
Taslama BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK BMG) tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Başlangyç kanunçylyk, hünär mümkinçilikleri we milli syýasata integrasiýa ugurlarynda anyk we amaly netijeleri berdi:
Subutnama binýadynyň döredilmegi. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň serişdeleri, tehnologik mümkinçilikleri we işgärleriň hünär mümkinçilikleri seljerilip, giňişleýin baha berildi. Bu başlangyç seljerme, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň strategiki taýdan ösdürilmegi, energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy hem-de senagat pudagynyň dekarbonizasiýasy üçin esas hökmünde hyzmat edýär.
Mümkinçilikleri berkitmek. Degişli ministrlikleriň takmynan 60 tehniki hünärmeni okuwlary geçdi. Mundan başga-da, ýolbaşçy işgärler we karar kabul edýänler aýlawly ykdysadyýet, adalatly energiýa geçişi we uglerod bitarap ösüş ugurlarynda öz bilimlerini ýokarlandyrdylar.
Syýasata integrasiýa. Milli strategiýalara metan zyňyndylaryny azaltmak ýaly howa bilen baglanyşykly çärelerini goşmak boýunça anyk teklipler taýýarlanyldy. Bu teklipler Türkmenistanyň “Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna” hem-de “2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli strategiýasyna” goldaw berýär.
Jemleýji çärede ylmy-barlaglaryň esasy netijeleri, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegi boýunça ýol kartasy hem-de geljekde tehniki goldaw baradaky teklipler tanyşdyryldy. BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa boýunça maksatnamaly derňewçisi Farhat Orunow maksatnamanyň “ýaşyl energiýa geçişi ugrunda möhüm ädim bolandygyny” nygtady:
“Milli mümkinçilikleri berkitmek, howa bilen baglanyşykly çäreleri syýasata goşmak we dikeldilýän energiýany öňe sürmek arkaly BMG hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýurduň durnukly geljegini gurmagyna ýardam berýär, şol bir wagtyň özünde bolsa howanyň üýtgemegine garşy göreşde dünýä derejesindäki tagallalary we Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek boýunça işleri goldaýar.”
Şeýlelikde, BMG-niň bu maksatnamasy Türkmenistanyň mümkinçiliklerini üstünlikli ýokarandyryp, ýurdumyz üçin “ýaşyl” energiýa geçişine we uglerod bitaraplygyna ýetmek ugrundaky tagallalaryna hyzmat edýän tehnologik we hünär binýadyny döretdi.
ORIENT