Aşgabatda “Dragon Oil” Hazar deňzindäki 25 ýyllygyny belledi - energetika diplomatiýasynda möhüm tapgyr
21.10.2025 | 22:15 |21-nji oktýabrda Aşgabatda “Dragon Oil Ltd.”-iň (Türkmenistan) Çeleken nebit ýatagynda alyp barýan işiniň 25 ýyllygyny belledi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen ýubileý dabaralaryna kompaniýanyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň wekilleri, daşary ýurtly ilçiler we ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Baýramçylyga Birleşen Arap Emirliklerinden, Emirlikleriň Milli Nebit Kompaniýasynyň (ENOC) başlygy we “Dragon Oil”-iň direktorlar geňeşiniň başlygy Said Al Taýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy bu hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de strategiki ähmiýetini görkezdi.
Baýramçylyk atmosferasy aýdym-saz we teatr çykyşlary, “Dragon Oil”-iň ykdysady we jemgyýetçilik işleriniň ösüşini aýdyň görkezýän surat sergisi we bilelikdäki tagallalarymyzyň üstünligini tassyklaýan kompaniýa işiniň göwrümini we tehnologiki ösüşini görkezýän wideo bilen dolduryldy.
Çärýek asyrlyk umumy ösüş ýoly
Türkmenistan bilen “Dragon Oil”-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk – bu diňe täjirçilik şertnamasy däl; parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan üstünlikli energetika diplomatiýasynyň aýdyň mysalydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bu ýubileý ösüş we abadançylyk üçin umumy ýoly alamatlandyrýar. “Dragon Oil” bilen berk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ygtybarly goldaw bolup, onuň dünýä bazarynda möhüm oýunçylaryň biri hökmünde ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Dragon Oil, şeýle hem, Hazar deňziniň ekoulgamyna täsirini azaltmak we hapalanmagy azaltmak üçin gözleg, tehniki hyzmat we gözden geçiriş standartlary işläp düzmek arkaly daşky gurşawy goramagy maksat edinýär. Şol konsepsiýa zyňyndylara-da degişlidir, häzirki wagtda 2027-nji ýyla çenli zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak, amallar wagtynda gazyň ýanmagyny aradan aýyrmak, nebit guýularyna gazyň mukdaryny köpeltmek we gaz satmak boýunça işler alnyp barylýar.
Nebitiň we gazyň önümçiligini ýokarlandyrmak hem-de gaýtadan işlemek, şeýle hem ýurduň energiýa serişdelerini we taýýar nebithimiýa önümlerini eksport etmek, milli ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. “Dragon Oil” bu işde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşdygyny görkezdi.
Bir aktiwden milliard dollarlyk maýa goýumlaryna çenli
“Dragon Oil” kompaniýasynyň baş direktory Abdul Karim Ahmed Al Mazmi esasy netijeleri we kompaniýanyň geljekdäki meýilnamalaryny ORIENT bilen paýlaşdy.
“Dragon Oil” ýeke-täk aktiw operatory hökmünde başlandy, emma häzirki wagtda üç aktiwimiz bar: Müsürde, Yrakda we elbetde 2000-nji ýylda işimiziň başlanan ýeri Türkmenistanda çykarmaga we önümçilige başladyk. Bu ýubileý — hyzmatdaşlygymyzy görkezmek we berkitmek üçin gowy pursat. Biz ösdük we indi biz — bu pudaga iň uly maýa goýujylaryň biri. 2000-nji ýyldan şu güne çenli Türkmenistana 11 milliard dollardan gowrak maýa goýduk we geljekde öz ornunymyzy saklamak we berkitmek üçin maýa goýmagy dowam etdireris” — diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy mälim etdi.
Al Mazminiň belleýşi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda kompaniýa täze tehnologiýalary ornaşdyryp, önümçiligiň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrdy we jogapkär operator hökmünde köp sanly durmuş ugurly taslamalar arkaly ýerli jemgyýete işjeň maýa goýdy. Ol şeýle hem, “Dragon Oil”-iň ýubileýiniň BAE bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň “bilelikdäki üstünliginiň nyşany” bolandygyny belledi.
Geljekdäki işler barada aýdyp, ýolbaşçy uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ynam bildirdi: “Biziň ýene 2035-nji ýyla çenli 10 ýylymyz bar (gürrüň bar bolan Önümi paýlaşmak şertnamasynyň güýjüni 2025-nji ýyldan 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada barýar – redaktoryň belligi), emma biz bir ýerde durmak islemeýäris. Biz gatnaşyklarymyzy giňeltmek, berkitmek we maýa goýmak üçin täze mümkinçilikler gözleýäris. Hökümet bilen biziň gatnaşyklarymyz öran gowy – biz birek-birege ynanýarys we kompaniýamyza hem-de ýurda peýdaly boljak berk gatnaşyklar gurýarys. Biz goşmaça önümçilik gatlaklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys we maýa goýumlary üçin mümkinçilikleriň bardygyna ynanýarys”.
“Dragon Oil” -iň Aşgabatdaky ýubileýi diňe bir bu ajaýyp üstünlikleri bellemäge mümkinçilik bolman, eýsem, hyzmatdaşlaryň geljekde köp ýyllaryň dowamynda birek-birege hormat goýmak, innowasiýa we umumy abadançylyk ýoluny dowam etdirmek baradaky berk ygrarlylygynyň tassyklamasy boldy
Enejan KEPBANOWA,
Seýli ARYŞOW