Iň täze habarlar

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynda Owganystana kömek, ekologik çäreler we beýleki temalar

22.10.2025 | 00:15 |
 Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynda Owganystana kömek, ekologik çäreler we beýleki temalar

21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän täze desgalaryň şekil taslamalary tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu iş sapary ekologiýa, ikinji tapgyryndaky infrastrukturany ösdürmäge we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna bagyşlandy.

Iş maksatnamasy öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek “akylly” Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň oturdylmagyny makullady.

Ahal welaýatynda telekeçi bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär bu bag nahallaryň saýlanmagy, ýokary çydamlydygy we sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagyny nygtady.

Gurluşyk meýdançalaryny gözden geçirişiň dowamynda, şäheriň ikinji tapgyryň gurluşygyndaky şekil taslamalary şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň şeýle hem muzeýiň içki bezeg işleri hödürlendi.

22102025-arkadag-afganistan (1).jpg

Görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe degişli düzedişleri girizdi hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şäheriň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda ähli ugurlarda ulanylýan şol sanda senagat, söwda, binagärlik we bezeg, gurluşyk we ýol-ulag düzümine degişli desgalarda halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu reňleriň saýlanyp anylmagy bir nusga getirilmegini we berkligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu standart (RAL) howa we ultramelewşe şöhlelerine durnukly örtüklerde we boýaglarda ulanylýar. Gurluşyga şeýle halkara standartyň girizilmegi Arkadag şäheriniň tehnologiki we şähergurluşygynda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy maksat edinýändigini görkezýär.

4.jpg

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini habar berdi. Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna bu babatda teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

“Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýip – Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Türkmen hakynyň Milli Lideri şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi.

ORIENT

Foto: Watan habarlary

Şeýle hem okaň: