Microsoft açyk ekoulgamly örän kuwwatly gibrid kompýuteri we oýun konsolyny taýýarlaýar
17.10.2025 | 15:30 |Microsoft kompaniýasy täze nesil oýun konsolyny — şertli ady Xbox 2027 diýlip atlandyrylýan enjamy — işläp taýýarlamagyň üstünde işleýär. Insider Moore’s Law is Dead-iň maglumatlaryna görä, täze enjam kompakt görnüşli konsolyň gurluşyny doly kuwwatly oýun kompýuteriniň güýji we açyklygy bilen birleşdirýän öwrülişik döredip biljek gibrid bolar.
Çaklamalara görä, öndürijiligi boýunça Xbox 2027 bäsdeşlerinden ep-esli üstün çykar. Enjamyň esasynda iň güýçli AMD çipi (RDNA 5 arhitektura) bilen 11 prosessor ýadrosy we ösen grafika bolar. Konsol ýörite XDNA 3 neýroprosessor we 48 GB çenli çalt GDDR7 ýady bilen enjamlaşdyrylar.
Esasy aýratynlyk — açyk oýun ulgamy. Microsoft ulanyjylara diňe öz dükanlaryndan däl, eýsem Steam we Epic Games Store ýaly meşhur hyzmatlardan hem oýunlary gurnamaga mümkinçilik bermegi meýilleşdirýär. Bu bolsa konsoly ähli bar bolan oýunlar üçin uniwersal platforma öwrer.
Enjamyň ýokary tehniki derejesine görä, Xbox 2027-niň bahasy $800 – $1200 aralygynda bolar. Microsoft ony kompakt görnüşli, premium derejeli oýun kompýuteri hökmünde — oýun höwesjeňleri we iň talaply geýmerler üçin — hödürlemegi maksat edinýär.
ORIENT