Iň täze habarlar

BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki maksatnama dörediler

18.10.2025 | 00:17 |
 BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki maksatnama dörediler

Oktýabryň 17-si, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 16-njy oktýabrda geçirilen «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň 4-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Mejlisiň esasy netijesi hökmünde “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” gutarnykly görnüşiniň deslapdan makullanmagy boldy.

2005-nji ýyldan bäri kabul edilen maksatnamalarynyň bäşinjisi bolup, ol milli, sebit we halkara syýasaty; durmuş-ykdysady we ekologiýa ulgamlary; şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugurlaryny öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň binýadyny döreder.

BMG bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Pudagara utgaşdyryjy topary döretmek we onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip edildi.

Şol bir wagtyň özünde, meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmak maksady bilen aşakdaky başlangyçlar hödürlenip, makullanyldy:

– Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen BMG bilen bilelikdäki Hereketleriň Maksatnamasyny taýýarlamak (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda);

– BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji masahatynyň (LLDC3) netijeleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy jarnamasy we 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza hereketler maksatnamasy boýunça resminamalary ýerine ýetirmek babatda Milli ýol kartasyny işläp taýýarlamak;

– Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygyny berkitmek maksady bilen oktýabr aýynyň ahyrynda döwlet edaralarynyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda seminary guramak.

Mundan başga-da, mejlisde ýaşlar syýasaty, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, sanly tehnologiýalar we energetika ulgamy boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi, hödürlenen teklipleri makullady we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: