BSGG bilen Türkmenistan dowamly dem alyş kesellerine garşy göreşi berkidýär
19.10.2025 | 11:50 |2025-nji ýylyň 10–15-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Ýewropa sebit edarasynyň (ÝSE/BSGG) bilermenleriniň iş sapary geçirildi. Saparyň esasy maksady — dowamly dem alyş keselleriniň öňüni alyşynyň we bejerilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
BSGG-nyň bilermenleri ýerli hünärmenler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdiler. Missiýanyň esasy wezipesi — dowamly obstruktiw öýken keseli (HOÖD) we bronhial astma boýunça kliniki görkezmelerine täzeden garamak we olary häzirki zaman halkara standartlaryna doly laýyk getirmek boldy.
Missiýanyň çäklerinde näsag merkezli täze kliniki ýol kartalary taýýarlanyldy. Bu usul keselleriň dogry anyklanyşyny, bejerilişiniň hilini hem-de uzak möhletleýin gözegçilik işlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
BSGG-nyň hünärmenleri pulmonologiýa we allergologiýa boýunça intensiw okuw sapaklaryny geçirdiler. Okuwlar Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, şeýle hem Aşgabadyň we Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) synag saglygy goraýyş edaralarynda geçirildi. Okuwlaryň maksady — ýerli hünärmenleriň dem alyş keselleri boýunça gözegçilik we hil dolandyryşy ukybyny ýokarlandyrmak boldy.
Missiýanyň işi milli iş toparynyň mejlisi bilen tamamlandy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça üstünlikli tejribeleri giňeltmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýlelikde, BSGG-nyň Türkmenistan bilen ýokanç däl kesellere garşy göreşdäki goldawyny dowam etdirýändigine ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
BSGG bilen Türkmenistan dümew boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamyny berkidýärler
ORIENT