Sanly dünýäde milli pul birligi - Milli manadyň 32 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň esasy temalary
18.10.2025 | 02:25 |1-nji noýabrda, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli, Aşgabatda ylmy-amaly masahat geçiriler. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi.
Maslahata ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem bu ugurda ýöriteleşen ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşar.
Forumyň dowamynda üns merkezinde diňe ykdysady üstünlikleriň seljerilmegi däl, eýsem maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bolar. Bu ugurlar pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalara esaslanýan döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alar.
Aýratyn tema hökmünde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem bank ulgamyndaky özgertmeler we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüşe gönükdirilen başlangyçlar barada çykyşlar diňleniler.