Iň täze habarlar

OpenAI: Ilon Mask Grok Imagine 0.9 ulgamyny — ýokary tizlikde wideo döredýän täze AI platformasyny tanyşdyrdy

08.10.2025 | 18:30 |
 OpenAI: Ilon Mask Grok Imagine 0.9 ulgamyny — ýokary tizlikde wideo döredýän täze AI platformasyny tanyşdyrdy

Ilon Mask öz wideo döretmek üçin niýetlenen emeli aň platformasynyň täze görnüşini — Grok Imagine 0.9 atly ulgamyny tanyşdyrdy. Bu täzeleşdirme döredilýän mazmunyň hakykylyk derejesini we öndüriliş tizligini ep-esli ýokarlandyrmak bilen, emeli aň bazarynda, esasanam 30-njy sentýabrda çykarylan OpenAI Sora 2 ulgamyndan soň, bäsdeşligi güýçlendirýär.

Maskyň bellemegine görä, Grok Imagine ulgamynyň soňky görnüşi tekst soraglarynyň esasynda dessine surat we wideo döredip bilýär.

Mint neşiriniň täze görnüşini synagdan geçirmeginiň netijelerine görä:

• Wideo döretmek takmynan 15 sekunt dowam edýär.

• Suratlar şol bada döredilýär.

• Döredilýän wideo ýazgylar ýokary durulyga, hakykylygawe çuňňur jikme-jiklige eýedir.

Wideo mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen birlikde, Ilon Mask täze sesli interfeýs — Grok Voice Mode bilen hem tanyşdyrdy. Ulanyjylar sazlamalarda “Open App in Voice Mode” funksiýasyny işjeňleşdirip, teksti girizmezden ses arkaly programma bilen göni aragatnaşyk saklap bilerler. Bu mümkinçilik programma bilen işleýşi has çalt, amatly we täsirli edýär.

Grok Imagine 0.9 ulgamynyň çykarylmagy bäsdeş kompaniýalaryň tehnologiýalaryna gönüden-göni jogap bolup, generatiw emeli aň tehnologiýalarynyň ösmeginde möhüm ädim hökmünde garalýar.

ORIENT

Foto: playground.ru

Şeýle hem okaň: