Türkmenistan we Astrahan bilelikdäki ulag we logistika taslamalaryny tizleşdirýär
30.09.2025 | 02:45 |Türkmenistan we Astrahan oblasty (RF) gepleşiklerden amaly tapgyra geçip, Demirgazyk-Günorta ulag geçelegeiniň çäginde möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini tizleşdirýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen Oblastyň Hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky Astrahanyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady – Astrahanda ýerleşýän Türkmen logistika merkeziniň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine geçmek boldy. Sebitiň wise-gubernatory Astrahan oblastynyň gurluşyk üçin eýýäm ýer bölüp berendigini we zerur ylalaşyklara gol çekendigini tassyklady. Bu bolsa köp ýyllyk strategiki taslamany gös-göni durmuşa geçirmek tapgyryna getirýär. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň üstaşyr infrastrukturasyny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Özara hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakdy boldy. Taraplar Astrahanyň gämi gurluşyk kärhanalarynyň Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasy bilen bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy barada ylalaşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistan Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň binýadynda özleriniň gämi we gämi gurluşyk kompaniýalary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi.
Işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäginde taraplar Astrahandan Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan oktýabr aýynda Astarahanda geçiriljek “Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi” halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Türkmen tarapy foruma gämi gurluşyk, gämi gatnawy we logistika kompaniýalarynyň wekillerini iberer.
Türkmenistanyň Russiýanyň bu möhüm sebiti bilen hyzmatdaşlygy söwdanyň çäginden has giňdir. Ýagny ol üstaşyr infrastrukturasyny berkitmäge, senagat hyzmatdaşlygyny we milli gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmäge gönükdirilendir
Astrahanyň wekiliýetiniň sapary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna gabat geldi. Sebitiň wekilleri bu baýramçylyk mynasybetli çärelere gatnaşdy. Astrahan oblastynyň Hökümeti, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmek ugrundaky maksatlaryny tassyklady.
ORIENT