Iň täze habarlar

Türkmenistan Pakistanda geçiriljek iki halkara sergä gatnaşmaga çagyryldy

02.10.2025 | 10:00 |
 Türkmenistan Pakistanda geçiriljek iki halkara sergä gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde geçiriljek 22-nji «Pharma API Asia 2025» halkara sergisine we 22-nji «Health API Asia 2025» halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Bu sergiler ýurduň iň iri pudaklaýyn çäreleri bolup, önümleri we tehnologiýalary görkezmäge, şeýle hem işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

1

Çärelerde farmasewtik enjamlary, derman serişdeleri üçin gaplama serişdeleri, işjeň farmasewtik komponentler (API), goşmaça serişdeler, barlaghana enjamlary, programma üpjünçiligi, nutrisewtika we taýýar önümler görkeziler.

2

Çäreleriň guramaçysy — «M/s E-commerce Gateway Pakistan Pvt. Ltd» kompaniýasy (Karaçi, +92213809970). Pakistanyň lukmançylyk we farmasewtika boýunça öňdebaryjy 100 kompaniýasynyň, şeýle hem tanymal halkara öndürijileriniň we hyzmat üpjün edijileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Pharma API Asia 2025» farmasewtika pudagynyň ösdürilmegine we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen. «Health API Asia 2025» bolsa 2004-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýän Pakistanyň iň iri saglygy goraýyş sergisidir. Sergi Karaçide 165 müň kw. futdan gowrak meýdany, Lahorda bolsa 92 müň kw. fut meýdany öz içine alýar. Çäre UFI (Global Association of Exhibition Industry, Pariž) tarapyndan tassyklandy we Pakistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, degişli döwlet edaralary hem-de lukmançylyk jemgyýetleri tarapyndan goldanylýar.

3

Türkmenistanyň gatnaşmagy eksport ugurlarynyň giňeldilmegine we farmasewtika hem-de lukmançylyk pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine mümkinçilik döreder.

ORIENT

Foto: pharmaasia.com.pk

Şeýle hem okaň: