Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini kabul eder
29.09.2025 | 23:45 |29-njy sentýabrda, Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi.
Mejlisde ykdysady integrasiýany we sanlylaşdyrmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen 15 sany meselä garaldy: Aşakdaky tassyklanan resminamalar Türkmenistan üçin has möhüm strategiki ähmiýete eýe:
GDA-nyň esasy multimodal ulag geçelgelerini sanlaşdyrmak strategiýasy – resminama, Türkmenistanyň logistikany ösdürmek, işlerini işjeňleşdirmek we Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta geçelgeleri boýunça üstaşyr geçirilişiniň tizligini ýokarlandyrmakdaky gyzyklanmalaryna gönüden-göni laýyk gelýär;
GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasynyň ikinji tapgyryny 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy. Oňa önümçilik we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we milli ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin bilelikdäki çäreler girýär;
GDA-nyň 2035-nji ýyla çenli ylmy we tehnologiki ösüş strategiýasy, şeýle hem şol bir döwürde Maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlyk konsepsiýasy;
Gurluşyk işleri üçin baha konsepsiýasy we çekirtgäniň zyýan berijiliginiň ösmeginiň öňüni almak üçin hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çözgüt, Arkalaşygyň çäginde dialogyň merkezi meýdançasy hökmünde ýurduň barha artýan ornuny görkezýär.
ORIENT