Oktýabr aýynda Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler
29.09.2025 | 13:45 |Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisi oktýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçiriler, diýip Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.
"Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüş depgini nazara alnyp, häzirki wagtda gazanylan oňyn dinamikanyň saklanmagy we goldanylmagy aýratyn ähmiýetlidir.
Muňa hem bu ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen rus–türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi ýardam eder" – diýip, Wolynkin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlagynda ýazdy, gutlagyň tekstini ilçihananyň metbugat gullugy çap etdi.
Wolynkin şu ýyl ýurtlaryň arasynda işjeň wekiliýet alyş-çalyşlarynyň bolandygyny, giň gerimli meseleler boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny belledi. Munuň özi Moskwanyň we Aşgabadyň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça umumy çemeleşmelerini görkezýär.
ORIENT