Iň täze habarlar

Türkiýäniň farmasewtik önümleriniň eksporty bäş ýylyň dowamynda 9,1 milliard dollardan geçdi

29.09.2025 | 13:15 |
 Türkiýäniň farmasewtik önümleriniň eksporty bäş ýylyň dowamynda 9,1 milliard dollardan geçdi

2020–2024-nji ýyllar aralygynda Türkiýe 9 milliard 117 million 595 müň dollar möçberde farmasewtik önümleri eksport etdi, şol bir wagtda importyň möçberi 26 milliard 56 million 780 müň dollara deň boldy.

Iň iri bazar Günorta Koreýa bolup, eksportyň möçberi 2,2 milliard dollara ýetdi. Mundan başga-da, Wengriýa (659 million dollar), Yrak (460 million dollar), Azerbaýjan (336 million dollar) we Gruziýa (283 million dollar) esasy import edijileriň hatarynda boldy.

Esasanam, Wengriýa eksportyň örän çalt ösüşi bilen tapawutlandy: 2020-nji ýylda 4 million dollardan 2024-nji ýylda 427 million dollara çenli ýokarlandy. Gruziýa eksport hem şol döwürde dört esse artyp, 124 million dollardan 283 million dollara ýetdi.

2024-nji ýylda eksport rekord derejä – 2 milliard 75 million dollara ýetdi. 2025-nji ýylyň ýanwar–iýul aýlarynyň aralygynda bolsa bu görkeziji eýýäm 1,4 milliard dollardan geçdi, ýylyň jeminde bolsa bilermenler onuň 2 milliard dollardan hem geçjekdigini çaklaýarlar.

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: