Ýokary aň ulgamy üçin $100 milliard: Nvidia täze nesil OpenAI infrastrukturasyna maýa goýýar
30.09.2025 | 17:30 |Grafiki prosessorlary işläp taýýarlamakda dünýä öňdebaryjysy Nvidia, täze strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde OpenAI kompaniýasyna 100 milliard dollara çenli maýa goýjakdygyny mälim etdi.
Kompaniýalar OpenAI üçin täze nesil emeli aň (AI) infrastrukturasyny döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk baradaky Teswirnama gol çekdiler.
Bu ylalaşyga laýyklykda, Nvidia iň azyndan 10 gigawatt umumy kuwwatlykdaky ulgamlary işe girizer. Bu ägirt uly infrastrukturanyň döredilmegi OpenAI kompaniýasyna özleriniň esasy maksady bolan — ýokary aňy döretmek üçin zerur modelleri öwretmäge we işletmäge mümkinçilik berer.
Maglumatlara görä, 100 milliard dollara çenli maýa goýumlar maglumat merkezleriniň hem-de energetika kuwwatlyklarynyň döredilmegine gönükdiriler. Taslamanyň birnäçe tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär, onuň birinji tapgyrynyň 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda işe giriziljekdigi aýdylýar.
Bu habar tehnologiýa öňdebaryjylarynyň hasaplaýyş kuwwatlyklary ugrunda dowam edýän bäsleşigini açyp görkezýär. Mundan ozal, 10-njy sentýabrda, meşhur ChatGPT-ni döreden OpenAI-nyň Oracle korporasiýasyndan hasaplaýyş kuwwatlyklaryny satyn almak boýunça hem ylalaşyga gelendigi belli boldy. Wall Street Journal-yň habar bermegine görä, Oracle bilen baglaşylan geleşigiň möçberi 300 milliard dollara barabar bolup, onuň möhleti bäş ýyl dowam eder. Bu bolsa AI-infrastrukturasyna bolan ýokary islegiň bardygyny görkezýär.
ORIENT