Iň täze habarlar

Gyrgyzystanyň paýtagtynda Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

01.10.2025 | 08:00 |
 Gyrgyzystanyň paýtagtynda Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

30-njy sentýabrda K. Dikambaýew adyndaky Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda halkara maslahat geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen BMG-niň ýurtdaky Hemişelik utgaşdyryjysy Aleksandr Grawe çykyş etdi.

1

Maslahatyň işine diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, bilermen syýasatçylar we žurnalistler gatnaşdylar. Gün tertibiniň esasy meselesi dünýä derejesinde hyzmatdaşlygy hem-de ynanyşmagy berkitmek boldy. Bu ugra aýratyn üns Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde hödürlenen başlangyçlara gönükdirildi.

2

Aýratynlykda, Türkmenistanyň 30 ýyl bäri alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ugur sebitleýin durnuklylygyň möhüm faktory bolup, halkara derejesinde giňden ykrar edildi. Şonuň bilen bir hatarda, her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem bu çemeleşmäniň nyşany hökmünde görkezildi.

3

Çykyş edenler şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýändigini we Aşgabatda geçiriljek halkara ýokary derejeli forumyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň manyly dowamy boljakdygyny nygtadylar. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle çäreler dünýä derejesindäki dialogy berkitmekde we parahatçylyk hem-de gülläp ösüş ugrunda anyk hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Maslahatyň ahyrynda myhmanlara Türkmenistanyň dürli ugurlardaky üstünliklerini açyp görkezýän wideoşekilli ýazgy hödürlendi.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: