Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşdy
27.09.2025 | 23:15 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Minnihanowyň saýlawlardan soňra sapar amala aşyran ilkinji ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýändigini taraplaryň ikisi hem belledi.
Duşuşygyň dowamynda Minnihanow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümet Başlygy Mihail Mişustiniň Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Myhman şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Rustam Minnihanowy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Söhbetdeşler Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini we netijeli häsiýetini uly kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşiklerde ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlykdan başga-da, ynsanperwer, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň möhümdigini tassykladylar. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri we wekiliýetleri geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýandyklary bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
ORIENT