Türkmenistanly Nikita Starow “KinesteX AI” startapyny ösdürmek üçin $150 000 maýa çekdi
29.09.2025 | 16:00 |Ýaş telekeçi we innowator Nikita Starow — Türkmenistanyň raýaty we “KinesteX AI” startapynyň esaslandyryjylarynyň biri — üstünlikli ýagdaýda 150 000 ABŞ dollary möçberinde maýa çekdi. Bu serişde “Aloqa Ventures” atly wençur gaznasynyň goldawy bilen alyndy we tutuş ýurdumyzyň telekeçilik jemgyýeti üçin möhüm waka boldy.
KinesteX AI: Täze nesil sanly fitnes-kömekçisi
“KinesteX AI” startapy (https://www.kinestex.com/) ulanyjynyň hereketlerini kamera arkaly seljerýän, maşklary dogry ýerine ýetirmegi kämilleşdirýän we netijeleri gowulandyrmaga kömek edýän AI-tälimçi tehnologiýasyny ösdürýär. Platforma eýýäm 400-den gowrak maşklaryň kitaphanasyny hödürleýär, bu bolsa ony fitnes goşundylary, saglyk hyzmatlary we sanly saglyk maksatnamalary üçin giňden ulanylýan guralyna öwürýär.
Nikita Starowyň innowasiýalardaky ýoly häzirki zaman tehnologiýalaryny we sporty birleşdirip, millionlarça adam üçin fitnesi elýeterli hem-de täsirli etmegi maksat edinmekden başlandy. Onuň 2022-nji ýylda esaslandyran kompaniýasy gysga wagtyň içinde halkara arenasynda tanaldy.
Bu maýa goýum diňe bir “KinesteX AI” topary üçin däl, eýsem Türkmenistanyň ähli startap jemgyýeti üçin hem uly ähmiýete eýedir. Nikita Starowyň mysaly ýurdumyzyň zehinli telekeçileriniň halkara derejesinde üstünlikli bäsleşip biljekdigini we iri wençur gaznalarynyň goldawyny tapyp bilýändigini aýdyň subut edýär.
“KinesteX AI”-nyň üstünlikleri we “Aloqa Ventures”-iň maýa goýumy sanly saglygyň ösüşinde täze sahypany açýar we Türkmenistanyň bu ugurdaky abraýynyň artmagyna hyzmat edýär.
ICT WEEK UZBEKISTAN 2025: sebitiň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy pudagyndaky esasy waka
ORIENT